Gizlinlik şertnamasynyň we ulanyş düzgünleriniň

özara ylalaşygy.

“OZAN” – Internet marketi (Mundan beýläk – “OZAN”) we www.ozan.com.tm  internet saýty (Mundan beýläk – “saýt”) bilen, onuň agzasynyň (“Agza”) arasynda aşakdaky şertleri ýerine ýetirmek barada ylalaşyga gelindi.

Umumy düzgünler

·        Agza, Saýtda bellige alyş işlerini tamamlandan soň, şu Ylalaşykda bellenen şertlere eýermek bilen telefon belgisini we açar sözüni girizip, Saýty ulanmaga başlap biler.

·        Agzanyň Saýty ulanyp başlamagy Ylalaşygyň ähli şertlerini kabul edýär diýip hasaplanylýar.

·        Ylalaşyk, agzalygyňyzyň ýatyrylmagy bilen güýjüni ýitirjekdir.

·        OZAN şu Ylalaşyga birtaraplaýyn üýtgetmeleri we goşmaçalary girizip biler.

·        Saýtyň belli ýerlerinde, umumy düzgünler, şeýle hem degişli bölüme laýyk başga şertler-de bellenilip biliner. Hyzmatlarymyzdan peýdalanýan Agza, degişli şertleri okan we kabul eden hasaplanýar.

Agzanyň hukuklary we borçlary

·        Saýt, ähli adamlaryň ulanmagy üçin açykdyr.

·        Agza, Saýty ulananda, Ylalaşykda bellenen ähli şertleri kabul edýär.

·        Agza, Saýtdan peýdalanan döwründe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hereket etjekdigine borçlanýar.

·        Agza, beýleki agzalaryň we zyýaratçylaryň saýty ulanmagyna päsgel beriji ýa-da agyrlaşdyryjy hereketlere baş goşmaly däldir. Baş goşan ýagdaýynda, OZAN tarapyndan agzalykdan çykaryljakdygyny we bu ýagdaý sebäpli ýüze çykjak her bir hukuk we jerime kogapkärçiligini öz üstüne alýandygyny kabul edýär.

·        Saýtyň içinde, şeýle hem sosial ulgamlarda operator bilen ýazyşmalaryň göçürmesiniň saklanmagy agzalaryň jogapkärçiligindedir. Bu OZAN tarapyndan maslahat berilýär. Ýazyşmalaryň göçürmesi saklanmadyk ýagdaýynda, ýitmeginden ýa-da bozulmagyndan OZAN jogapkär däldir.

·        OZAN ýa-da Agzanyň özi tarapyndan ýatyrylan agza, hasabyna degişli ýazgysyny, agzanyň garşy talabynyň bolmadyk ýagdaýynda, OZAN ony bozmakda ýa-da bozmaklykda erkindir.

·        Agza, Saýta hasaba alynanda ýa-da hyzmatlardan peýdalananda şahsy we beýleki maglumatlarynyň dogrulygyny we bu maglumatlaryň dogry bolmadyk ýagdaýynda OZAN-yň bu sebäpden görjek ähli zeperlerini tölejekdigini kabul edýär.

OZAN-yň hukuklary we jogapkärçilikleri

·        Agza, saýty ulanmak bilen bagly Türkmenistanyň kanunçylygyny we Ylalaşygyň şertlerini bozan ýagdaýynda OZAN-yň birtaraplaýyn agzany agzalykdan çykarmaga hukugy bardyr.

·        Agzalara, OZAN tarapyndan saýta agza bolmagy bilen berilen ýa-da öz bellän agza ady, açar sözi ýaly maglumatlaryň ulanmagyny, başga adamlara beren ýagdaýynda, açar sözüniň başga adamlar tarapyndan ýaman niýet bilen ulanylmagyndan Agza jogapkärdir. Şeýle-de, Agza, internet äleminde başganyň IP adresini, e-poçta adresini we ulanyjy adyny ulanyp bilmeýändigi bilen birlikde, Agzalaryň şahsy maglumatlaryny rugsatsyz ulanyp bilmeýär. Ulanylan halatynda, ýüze çykjak ähli hukuk we jerime jogapkärçiliklerini Agza öz üstüne alýar.

Alynan maglumatlar we olaryň ulanylyşy

Saýtyň hyzmatlaryny ulanýan döwrüňizde we/ýa-da saýtymyza agza bolan ýagdaýyňyzda, size ýokary hilli hyzmat bermek üçin adyňyz, familiýaňyz, e-poçta adresiňiz, telefon belgiňiz, jynsyňyz, doglan günüňiz, eltip berme adresiňiz ýaly käbir şahsy maglumatlaryňyza zerurlyk ýüze çykýar. Saýtda alynan maglumatlar aşakdaky maksatlar üçin ulanylýar:

  • Siziň hususy hasabyňyzy döretmek.
  • Sargydy ýerine ýetirmek, tamamlamak we müşderilerimiz bilen aragatnaşyk saklamak.
  • Sargytlar, hyzmatlar we arzanladyşlar hakda maglumat bermek.
  • Müşderilerimiziň söwda saýlawlaryny has gowy bilmek we olara teklipler hödürlemek.
  • Trend seljermeleri we statistik seljermeler etmek.

Hukuklaryňyz haýsylardyr?

Bizde saklanan şahsy maglumatlaryňyz hakda maglumat almaga hukugyňyz bardyr. Maglumatlaryňyz ýalňyş ýa-da doly däl bolsa, maglumatlaryňyzyň düzedilmegini ýa-da aýrylmagyny talap edip bilersiňiz. Biziň bilen aşakdaky ýollar arkaly habarlaşyp bilersiňiz:

 

Salgy: www.ozan.com.tm Onlaýn Marketi

Telefon: + 993 12 97-90-99/97-90-98 (Müşderi Hyzmatlary, hepdäniň 7 güni 09:00 - 23:00 sagatlar arasynda hyzmat berýär.)

IMO: +993 65 66-32-11

Ýokarda ýazylan şertleri okadym, düşündim, Türkmenistanyň kanunyna we hukuklaryna laýyklykda hereket etjekdigime borçlanýaryn.