Eltip bermek we töleg tertibi:

·        Eltip bermek hyzmaty Aşgabat şäheriniň çägi bilen bir hatarda Büzmeýin we Änew şäherlerine hem elýeterlidir. Sargydyň jemi bahasy 100 manatdan geçse, eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar;

·        Saýtdan sargyt edeniňizden soňra operator size jaň edip sargydy tassyklar (eger hemişelik müşderi bolsaňyz sargytlaryňyz islegiňize görä awtomatik usulda hem tassyklanýar);

·        Girizen salgyňyz we telefon belgiňiz esasynda hyzmat amala aşyrylýar;

·        Sargyt tassyklanmadyk ýagdaýynda ol hasaba alynmaýar we ýerine ýetirilmeýär. Şonuň üçin telefon belgiňizi we salgyňyzy girizeniňizde, olary üns bilen barlaň;

·        Sargydy barlap alanyňyzdan soňra töleg amala aşyrylýar. Eltip berijiniň size gowşurýan töleg resminamasynda siziň tölemeli puluňyz bellenendir. Töleg nagt we nagt däl (bank kartlary) görnüşde milli manatda amala aşyrylýar. Kabul edip tölegini geçiren harydyňyz yzyna alynmaýar.

·        Sargyt tassyklanandan soňra 24 sagadyň dowamynda eýesi tapylmasa ol güýjüni ýitirýär.